18.10.2025
                    Rumyniýanyň paýtagty Buharest şäherindäki «Madrigal–Marin Konstantin» atly Milli kamera horunyň binasynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçisi A.Annaýew bilen şol horuň dirižýory hanym Anna Ungureanunyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada ilçihana habar berdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar saz sungaty babatdaky medeni hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşyp, iki dostlukly ýurduň milli saz we ruhy mirasyny wagyz etmäge gönükdirilen bilelikdäki taslamalary döretmekde hyzmatdaşlyga taýýardygyny beýan etdiler.
Duşuşygyň dowamynda rumyn tarapy ilçä Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet senalarynyň «Madrigal–Marin Konstantin» horunyň ýerine ýetirmegindäki hor eserleriniň ýygyndysyny, şol sanda Türkmenistanyň Döwlet senasyny hem öz içine alýan ýygyndyny gowşurdy.
Bu duşuşyk Türkmenistanyň we Rumyniýanyň arasyndaky medeni hyzmatdaşlygy ösdürmekde, şeýle hem Merkezi Aziýa bilen Ýewropa halklarynyň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda möhüm ädim boldy.
Duşuşygyň netijesinde taraplar medeni dialogy mundan beýläk-de ösdürmäge bolan gyzyklanmalaryny tassyklap, saz bilen sungatyň Türkmenistanyň, Rumyniýanyň we Merkezi Aziýanyň halklarynyň arasynda dostlugyň berk köprüsine öwrüljekdigine ynam bildirdiler.