20.10.2025
                    Türkmenistanyň iň esasy tebigy baýlyklarynyň biri bolan «mawy ýangyjy» çykarmak, şeýle hem eksporta goýbermek boýunça Gündogar sebitde hem uly netijeler gazanylýar. Munuň şeýledigine «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň geçen 9 aýyň dowamynda 6 milliard 905 million kub metr möçberde tebigy gaz çykarmagyň hötdesinden gelendikleri hem şaýatlyk edýär. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.
Müdirligiň işgärleriniň Malaý-Bagtyýarlyk eksport ugrunda gazyň geçirilişi boýunça görkezen netijesi has-da ýokarydyr. Bu ugurda Gündogar sebitiň gazçylarynyň tutanýerli zähmeti netijesinde meýilleşdirilen 2 milliard 774 million 290 müň kub metr gaza derek 3 milliard 771 million 464 müň kub metre golaý gaz geçirilip, bu baradaky degişli döwrüň meýilnamasy 135,9 göterim ýerine ýetirilipdir. Bu bolsa degişli ugur boýunça tebigy gazyň 997 million 173 müň kub metrden gowragynyň artyk ugradylandygyny aňladýar.
Müdirlikde ýylyň başyndan bäri gaz kondensatynyň 22 müň 791 tonnasy öndürilip, bu baradaky meýilnama 109,1 göterim amal edilipdir. Bu görkeziji hem «mawy ýangyç» bilen bilelikde alynýan bu ugurdaş önümi öndürmek boýunça ýokary netijeler gazanylýandygynyň subutnamasydyr.
Lebaply gazçylaryň gazanýan zähmet üstünlikleri sebitde «Malaý», «Gadyn» ýaly kuwwatly gaz gysyjy desgalaryň ulanylyşa girizilmegi bilen baglanyşyklydyr diýlip, habarda bellenilýär.