27.10.2025
                    (Rim şäheri, 2025-nji ýylyň 25-nji oktýabry)
«Hormatly sergä gatnaşyjylar!
Hanymlar we jenaplar!
Sizi Italiýa Respublikasynyň Rim şäherinde geçirilýän «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» atly arheologik serginiň açylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Türkmenistanyň muzeýlerinde saklanýan ýurdumyzyň arheologik ýadygärliklerinden ýüze çykarylan ajaýyp gadymy eserleriň nusgalarynyň bu sergide uly gyzyklanma döretjekdigine ynanýaryn.
Häzirki döwürde Türkmenistan bilen Italiýa Respublikasynyň arasynda halkara hyzmatdaşlyk netijeli häsiýetde ösdürilýär. Türkmen-italýan dostlukly hyzmatdaşlygynda medeni gatnaşyklar aýratyn orny eýeleýär. Medeni ulgamyň hyzmatdaşlygynda toplanan baý tejribe we hoşniýetli däpler bu ugurdaky gatnaşyklary dowam etmäge, iki ýurduň taryhyna, medeniýetine, sungatyna gyzyklanmalary höweslendirmäge ýardam berýär. Medeni-ynsanperwer ulgamda döwletara hyzmatdaşlygy ilerletmegiň netijeli gurallarynyň biri-de dostlukly ýurtlarda medeni çäreleriň geçirilmegidir.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň giňden bellenilýän ýylynda Italiýa Respublikasynyň Rim şäherinde «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» atly arheologik serginiň geçirilmegi aýratyn many-mazmuna eýedir. Biziň Bitaraplyk syýasatymyzdan gelip çykýan aýdyň maksatlar dünýä halklarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmäge, medeni hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge uly ýardam berýär.
Türkmen we italýan arheologlarynyň arasynda häzirki wagtda arheologiýa we binagärlik mirasyny öwrenmek boýunça özara gatnaşyklar ýola goýuldy. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllaryndan başlan bu gatnaşyklar häzirki wagtda has-da üstünlikli dowam etdirilýär. Türkmen-italýan arheologik ekspedisiýalarynyň bilelikdäki tagallalary netijesinde, gadymy ata-babalarymyzyň miras goýan medeni gymmatlyklarynyň nusgalyk görnüşleriniň ençemesi ýüze çykaryldy we öwrenildi. Bu arheologik tapyndylaryň bir bölegi Kapitoliý muzeýinde guralan «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» atly sergide hem görkezilýär.
«Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» atly arheologik sergide gadymy Margianada we Parfiýada geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde ýüze çykarylan taryhy-medeni gymmatlyklaryň — arheologik tapyndylaryň görkezilmegi örän uly ähmiýete eýedir.
Mälim bolşy ýaly, 1999-njy ýylda «Gadymy Merw» döwlet goraghanasy, 2007-nji ýylda Nusaýyň Parfiýa galalary Türkmenistanyň beýleki taryhy ýerleri bilen bir hatarda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Bürünç asyrynyň siwilizasiýasy bolan gadymy Margiana Türkmenistanyň Mary welaýatynyň çäginde, Murgap derýasynyň gadymy hanasynyň ugrunda ýerleşýär. Bu ýerden ady rowaýata öwrülen, birmahallar Mesopotamiýanyň, Müsüriň şäherleri bilen söwda we medeni gatnaşyklary ösdürip gelen Margiananyň şöhratly geçmişine degişli bolan taryhy ýadygärlikleriň ençemesi ýüze çykaryldy.
Antik döwre degişli döwlet bolan Parfiýanyň esasy ýadygärlikleriniň biri-de Nusaýdyr. Öz döwrüniň medeniýetine degişli bolan gymmatly maglumatlary özünde jemleýän Nusaý Aşgabat şäheriniň golaýynda ýerleşmek bilen, ol syýahatçylaryň iň bir gelim-gidimli ýerleriniň biridir. Antik döwrüň Parfiýa patyşalygy gadymy Rim bilen diplomatik, söwda we medeni gatnaşyklary mäkäm ýola goýupdyr. Rimiň iň bir meşhur muzeýleriniň birinde, bu günki sergide Parfiýa medeniýetine we sungatyna degişli bolan gymmatlyklaryň goýulmagy özboluşly ähmiýete eýedir.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda belleýşi ýaly, türkmen halkynyň gadymy ata-babalary grek-rim dünýäsiniň medeni ösüşlerini nusga edinip, milli medeniýetiň adaty nusgalary bilen baýlaşdyrylan örän ajaýyp sungat eserlerini döredipdirler. Dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegine öwrülen şol sungat eserleri bu günki sergide goýulmak bilen, olar dünýä halklaryny parahatçylyga, dostluga çagyrýar.
Gadyrly sergä gatnaşyjylar!
Türkmenistan bilen Italiýa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar häzirki wagtda ösüşiň täze derejelerine göterilýär. Gazuw-agtaryş işleri we arheologiýa barlaglary boýunça türkmen we italýan arheologlarynyň arasynda hyzmatdaşlyk üstünlikli dowam etdirilýär.
Häzirki döwürde Türkmenistanda hem-de Italiýa Respublikasynda geçirilýän medeni çärelere iki ýurduň medeniýet we sungat ussatlary işjeň gatnaşýarlar. Bu halkara çäreler iki ýurduň medeniýetleriniň biri-birini baýlaşdyrmagyna, özara tejribe alşylmagyna uly mümkinçilik döredýär.
Aşgabat şäherinde «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda meşhur italýan şahyry Dante Aligýeriniň ýadygärliginiň goýulmagy türkmen we italýan halklarynyň dostlukly gatnaşyklarynda taryhy waka boldy.
Taryhy-arheologik gymmatlyklary, ýadygärlikleri ýüze çykarmak hem-de öwrenmek boýunça geljekde hem türkmen we italýan alymlarynyň uly işleri alyp barjakdyklaryna ynanýaryn.
Hormatly adamlar!
«Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» atly arheologik serginiň açylmagy mynasybetli siziň ähliňizi ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglygyny, döredijilik üstünliklerini arzuw edýärin».
Çeşme: TDH