Dokma senagatynda türkmen-italýan hyzmatdaşlygy giňeldilýär

27.10.2025

Türkmenistan we Italiýa dokma senagatynda hyzmatdaşlygy giňeldýärler. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Italiýa Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde Rimde geçirilen Türkmen-italýan işewürlik maslahatynda eden çykyşynda bu ugurdaky hyzmatdaşlyk barada hem aýtdy.

«Dokma senagaty hyzmatdaşlygymyza kuwwatly itergi berjek ulgamlaryň biridir. Şu günki işewürlik maslahatynyň dowamynda bu ulgamda birnäçe resminamalara gol çekmek göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda “Marzoli”, “Savio”, “Cormatex” we beýleki italýan kompaniýalarynyň enjamlarynyň müňe golaýy ýurdumyzyň dokma kärhanalarynda üstünlikli ulanylýar. Ýokary hilli türkmen dokma önümleriniň eksportyny giňeltmäge, egin-eşikleri öndürmek boýunça bilelikdäki kärhanalary döretmäge, täze bazarlara çykmaga we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gyzyklanma bildirýäris. Umuman, Türkmenistan öz önümleriniň Italiýa iberilmegini diwersifikasiýalaşdyrmaga, taýýar önümlere aýratyn üns bermek arkaly olaryň görnüşlerini ep-esli giňeltmäge taýýardyr. Elbetde, biziň söwda gatnaşyklarymyz anyk talaplara hem-de isleglere, özara mümkinçiliklerimize, uzak möhletli işewürlik çaklamalaryna esaslanmalydyr...» diýip, döwlet Baştutany belledi.

Türkmen-italýan işewürlik maslahatynyň barşynda:

Dokma senagatynda hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen Italiýanyň «Marzoli Machines Textile S.M.L.» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

Dokma senagatynda hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen Italiýanyň «Itema S.p.A» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

Dokma senagatynda hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen Italiýanyň «MCS dyeing & finishing machinery» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

Dokma senagatynda hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen Italiýanyň «Savio Maccine Tessili S.p.A» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Bu barada TDH habar berýär.