31.10.2025
                    Serbiýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Belgrad şäherinde geçiriljek «EKSPO — 2027» halkara ýöriteleşdirilen sergisiniň direktory Danilo Ýeriniç bilen duşuşyk geçirdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar 2027-nji ýylyň 15-nji maýy — 15-nji awgusty aralygynda geçiriljek bu sergä Türkmenistanyň gatnaşmagy bilen bagly guramaçylyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.