06.11.2025
5-nji noýabrda Marko Rubio ABŞ-nyň Döwlet departamentinde Gazagystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň daşary işler ministrleri, şeýle hem Gyrgyzystan Respublikasynyň ilçisi bilen duşuşdy. Benjamin Franklin adyndaky zala geçirilen bu çäre 6-njy noýabrda geçirilmegi meýilleşdirilen «C5+1» («Merkezi Aziýa — ABŞ») sammitine taýýarlyk hökmünde gurnaldy. Bu barada ABŞ-nyň Döwlet depertamenti habar berdi.
Marko Rubio bu çärede eden çykyşynda geljek ýylda Merkezi Aziýa döwletleriniň hemmesine sapar etmegi meýilleşdirýändigini, onuň bir hepdä ýa-da ondan hem uzaga çekjek sapar boljakdygyny mälim etdi. Şeýle-de ol bu sapara bilelikde taýýarlyk görmegiň zerurdygyny nygtady.
Marko Rubio ABŞ bilen Merkezi Aziýanyň ykdysady ösüş taýdan meňzeş taraplaryny hem belläp geçdi. ABŞ-da innowasiýalaryň we işewürligiň giňelmeginiň Merkezi Aziýa döwletleriniň ykdysadyýeti tebigy serişdelerden daşarky ugurlarda diwersifikasiýalaşdyrmak baradaky maksatlary bilen gabat gelýändigini aýtdy.