11.11.2025
17 — 22-nji oktýabr aralygynda Hytaýyň «CAMCE» inženerçilik korporasiýasynyň we «China Machinery Engineering Corporation» («CMEC») kompaniýasynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Wan Bo iş sapary bilen Türkmenistanda boldy. Saparyň çäklerinde infrastruktura, energetika we senagat ugurlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen birnäçe ýokary derejeli iş duşuşyklary geçirildi. Bu barada «CAMCE» kompaniýasynyň metbugat gullugy habar berýär.
Hytaýyň «CAMCE» inženerçilik korporasiýasy we «CMEC» döwlet korporasiýasy «SINOMACH-yň» düzümine girýär. «SINOMACH» — Hytaý Halk Respublikasynyň merkezi hökümetine gönüden-göni tabyn bolan iri kärhanalaryň biridir. Korporasiýanyň düzüminde 130 müňden gowrak işgär we 40-dan köp golçur kompaniýa bar. Köp ýyllaryň dowamynda bu korporasiýa Hytaýyň iň uly 100 sany maşyn gurluşyk kärhanasynyň arasynda öňdäki orunlaryň birini eýeleýär.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Mämmethan Çakyýew bilen geçirilen duşuşykda Wan Bo «SINOMACH» kompaniýasynyň taryhy we gurluşy, onuň esasy iş ugurlary hem-de Merkezi Aziýada üstünlikli amala aşyran taslamalary barada giňişleýin maglumat berdi.
Hytaý tarapy infrastruktura we senagat gurluşygy, şeýle hem maýa goýum we pudagara taslamalaryň ähli tapgyrlarynda «ulanyşa taýýar görnüşinde» hyzmatlary hödürlemek boýunça köpugurly hyzmatdaşlyga taýýardygyny beýan etdi. Duşuşykda Türkmenistanyň Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmek strategiýasynyň durmuşa geçirilmegine we «Bir guşak — bir ýol» başlangyjynyň ýokary hilli ýerine ýetirilmegine goşant goşmak meselelerine aýratyn üns berildi.
Mämmethan Çakyýew Türkmenistanyň ulag infrastrukturasynyň ösüşi, pudagyň desgalarynyň elektrikleşdirilmegi hem-de geçirilýän özgertmeler barada giňişleýin gürrüň berdi. Ol «CMEC» kompaniýasynyň taslama taýýarlamak, gurluşyk we maliýeleşdirmek babatyndaky hünär derejesini ýokary bahalap, hytaýly hyzmatdaşlaryň Türkmenistanyň ulag ulgamynyň möhüm desgalarynyň ýerine ýetirilmegine işjeň gatnaşjakdyklaryna umyt bildirdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýmyrat Annamämmedow bilen geçirilen gepleşiklerde Wan Bo «SINOMACH» kompaniýasynyň güýçli ylmy-barlag mümkinçiliklerini, öňdebaryjy tehnologiýalaryny we iri senagat taslamalaryny amala aşyrmakdaky tejribesini belläp geçdi.
Hytaý wekiliýeti infrastruktura, senagat gurluşygy we nebit-gaz-himiýa ugurlary boýunça uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýändigini beýan etdi.
Öz gezeginde Baýmyrat Annamämmedow Türkmenistanda senagat ösüşiniň depgini we ileri tutulýan maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy. Ol Hytaýyň öňdebaryjy tejribesinden, tehnologik artykmaçlyklaryndan we inženerçilik mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanyp, bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň ýurduň senagatyny döwrebaplaşdyrmak we ykdysady diwersifikasiýa strategiýasynyň ýerine ýetirilmegine goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.
Wan Bo şeýle hem Hytaýyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ji Şumin hem-de söwda-ykdysady geňeşçisi Li Ýu bilen hem duşuşyk geçirdi.
Kompaniýanyň wekilleri iş saparyň maksadynyň ýurduň ykdysady ösüşiniň häzirki ýagdaýyny, bazar mümkinçiliklerini we degişli ugurlardaky geljegini öwrenmekden, şeýle hem bilelikdäki taslamalaryň ilerledilmegine ýardam bermekden ybaratdygyny bellediler.
Ilçi Ji Şumin Hytaý bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýagdaýy barada giňişleýin gürrüň berdi.
Diplomat sentýabr aýynda ŞHG-niň sammitiniň çäklerinde iki ýurduň Liderleriniň duşuşygynyň netijelerini, hususan-da, tebigy gaz, medeni-ynsanperwer we çig mal bilen bagly bolmadyk pudaklardaky hyzmatdaşlygyň oňyn netijeleri berýändigini nygtady.
Saparyň çäklerinde Wan Bonuň we onuň kärdeşi Çženg Çžunpiniň ýolbaşçylygyndaky bilelikdäki iş topary Türkmenistanyň demir ýol ulaglary ministri, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň başlygy, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygynyň orunbasary hem-de birnäçe beýleki resmi adamlar bilen duşuşyklary geçirdiler.
Bu sapar hytaý işewürleriniň türkmen bazaryna artýan gyzyklanmasyny hem-de Hytaý bilen Türkmenistanyň ykdysadyýetiň möhüm ugurlaryndaky hyzmatdaşlygynyň strategik häsiýete eýedigini tassyklaýar.