«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat bilen Daşoguzyň aralygynda goşmaça gatnawy açýar

20.11.2025

«Türkmenistan» awiakompaniýasy 21-nji noýabrdan başlap Aşgabat – Daşoguz – Aşgabat ugry boýunça her gün ýerine ýetiriljek goşmaça T5-113 uçar gatnawyny ýola goýýar. Bu barada awiakompaniýanyň içerki gatnawlarynyň täzelenen tertibinde habar berilýär.

Şeýlelikde, bu ugur boýunça her gün ýerine ýetirilýän gatnawlaryň sany dörde ýetýär. Mundan başga-da, ýene iki gatnaw belli bir günlerde amala aşyrylar.

21-nji noýabrdan başlap Aşgabat – Daşoguz – Aşgabat ugry boýunça içerki gatnawlaryň tertibi:

Aşgabat – Daşoguz T5-101: her gün 06:00 – 06:50
Aşgabat – Daşoguz T5-109: her gün 18:00 – 18:50
Aşgabat – Daşoguz T5-111: her gün 21:50 – 22:40
Aşgabat – Daşoguz T5-105: günler 1,3,5,6,7 → 09:55 – 10:45
Aşgabat – Daşoguz T5-103: günler 2,4 → 09:50 – 10:40
Aşgabat – Daşoguz T5-113: her gün 22:40 – 23:30
Daşoguz halkara howa menzili:
Daşoguz – Aşgabat T5-102: her gün 07:50 – 08:40
Daşoguz – Aşgabat T5-110: her gün 19:50 – 20:40
Daşoguz – Aşgabat T5-112: her gün 23:40 – 00:30
Daşoguz – Aşgabat T5-106: günler 1,3,5,6,7 → 11:45 – 12:35
Daşoguz – Aşgabat T5-104: günler 2,4 → 15:25 – 16:15
Daşoguz – Aşgabat T5-114: her gün 00:30 – 01:20

Awiakompaniýa uçuş wagtynyň üýtgemeginiň ahmaldygyny duýdurýar.