Türkmenistanyň Prezidenti 24-25-nji noýabrda Gazagystana döwlet saparyny amala aşyrar

22.11.2025

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň 24-25-nji noýabry aralygynda Gazagystan Respublikasyna meýilleşdirilýän döwlet saparyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň oktýabr aýynda ýola goýuldy. Iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn-hukuk binýady resminamalaryň 180-si bilen berkidildi.

Döwlet saparynyň dowamynda ýokary derejedäki türkmen-gazak gepleşikleriň jemleri boýunça resminamalaryň uly toplumyna gol çekilmegi meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, wise-premýere Gazagystan Respublikasyna boljak döwlet saparyna gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.