Türkmen ýaşlary 2026-2027-nji okuw ýylynda Hytaýa hem-de Wengriýa okuwa iberiler

22.11.2025

Türkmen ýaşlary 2026-2027-nji okuw ýylynda Hytaý Halk Respublikasynyň hem-de Wengriýanyň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilim alyp bilerler. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly şu gün geçirilen nobatdaky mejlisinde wise-premýer B.Orazdurdyýewa bu ugurda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi hem-de döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurtda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça toplumlaýyn işleriň amala aşyrylýandygyny, ýaşlaryň müňlerçesiniň daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýandyklaryny aýtdy hem-de 2026-2027-nji okuw ýylynda Hytaý Halk Respublikasynyň we Wengriýanyň bilim edaralaryna ýaşlary okuwa ibermek baradaky teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.