29.11.2025
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy: ykdysady we syýasy ösüşleriň gözbaşydyr» atly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Onuň çäklerinde «Ýylyň ykdysatçysy» atly ykdysady ugurly ylmy häsiýetli makalalar bäsleşiginiň jemi jemlendi. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.
Bäsleşik «Maliýe we ykdysadyýet» žurnalynyň redaksiýasynyň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň guramagynda geçirildi.
Ýylyň başynda yglan edilýän bu bäsleşige ýurduň ykdysady, maliýe we bank toplumynda, ýokary okuw mekdeplerinde, şeýle hem ykdysadyýet pudaklarynda zähmet çekýän işgärleriň hem-de dürli ýaşdaky adamlaryň gatnaşmagyna mümkinçilik döredildi.
Netijede, emin agzalaryň gelen netijesi boýunça Aşgabat şäheriniň Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň başlygynyň orunbasary Selimberdi Hojaberdiýew 1-nji orna mynasyp boldy.
2-nji orna Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň dünýä ykdysadyýeti kafedrasynyň mugallymy Amangül Baýrammyradowa, 3-nji orna Türkmen döwlet maliýe institutynyň buhgalterçilik hasaba alnyşy kafedrasynyň mugallymy Näzik Sadykowa mynasyp boldular.
Olara we bäsleşige gatnaşanlaryň hemmesine sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Baýramçylyk dabaranyň dowamynda ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň professor mugallymlary, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň wekilleri, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň Zähmet gory we iş üpjünçilik müdirliginiň işgärleri, ykdysady ylymlaryň kandidatlary çykyş etdiler.