2026-njy ýylda Türkmenistanda geçiriljek halkara sergileriň tertibi mälim boldy

23.12.2025

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy 2026-njy ýylda ýurdumyzda geçiriljek halkara sergileriň tertibini çap etdi.

10–12 fewral — Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi

17–19 mart — Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň döredilmeginiň 18 ýyllygyna bagyşlanan sergi hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň agzalarynyň maslahaty

18 mart — «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly hususy pudaga maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumy

14–16 aprel — «Turkmentravel – 2026» atly halkara syýahatçylyk sergisi we maslahaty

28–30 aprel — Türkmen‑Hytaý işewürlik forumy we sergisi

12–14 maý — «Agro Pack Turkmenistan – 2026» atly halkara sergisi

24–25 maý — «Ak şäherim Aşgabat» atly XXV köpugurly halkara sergisi

04–06 iýun — «Turkmentextile Expo – 2026» atly halkara sergi‑maslahaty

19–22 awgust — «Kids Expo: çagalar üçin ähli zat» atly halkara sergi‑ýarmarkasy

17–19 sentýabr — Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi

01–30 oktýabr — Türkmenistanyň maýa goýum forumy (TIF)

10–12 oktýabr — «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergisi we ylmy maslahaty

21–23 oktýabr — «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» atly halkara maslahaty we halkara sergisi

03–05 noýabr — «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa we energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergisi we maslahaty

24–26 noýabr — «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2026» atly halkara maslahaty we sergisi hem-de «Türkmentel – 2026» atly halkara sergisi we ylmy maslahaty