17.02.2026
Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde sişenbe güni Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijelerine hem-de 2026-njy ýyl üçin meýilleşdirilýän hyzmatdaşlyk ugurlaryna bagyşlanan metbugat ýygnagy geçirildi.
Çärä gatnaşyjylar bilelikdäki gün tertibiniň howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak we daşky gurşawy goramak, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak, kiberhowpsuzlyk, ulag düzümini ösdürmek, maýa goýumlary çekmek hem-de hususy pudagy goldamak ýaly giň ugurlary öz içine alýandygyny bellediler.
Taraplar syýasy, ykdysady, medeni hem-de ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardyklaryny tassykladylar.
ÝB-niň wekilleri bilelikdäki başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegine birleşige agza döwletleriň goşandyny aýratyn nygtadylar. Şeýle-de gatnaşyklaryň milli hyzmatdaşlaryň, işewür toparlaryň hem-de halkara maliýe institutlarynyň gatnaşmagynda “Team Europe” görnüşinde ösdürilýändigi bellenildi.
Şeýle hem 2026-njy ýyl üçin birnäçe amaly çäreler meýilleşdirildi. Mart aýynda Aşgabatda Türkmenistanyň Mejlisi bilen Ýewropanyň Parlamentiniň arasynda parlamentara dialogy, adam hukuklary boýunça nobatdaky dialogy, şeýle hem 26-njy martda geçirilmegi meýilleşdirilýän “Türkmenistan — ÝB” işewürlik forumyny guramak göz öňünde tutulýar.
Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlyk Söwda we onuň bilen bagly meseleler hakyndaky wagtlaýyn Şertnama esasynda alnyp barylýar. Bu resminama 2010-njy ýylyň awgust aýynda hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşygyň Ýewropa Parlamenti tarapyndan ratifikasiýa edilmeginden öň güýje girdi.