Kuweýt Türkmenistan bilen hususy pudakda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýär

17.02.2026

Kuweýtiň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Firas Al Oda energetika, nebit-himiýa, dokma senagaty hem-de gurluşyk materiallaryny öndürmek boýunça ýurduň hususy pudagy üçin gyzyklanma döredýän ugurlar bolup durýandygyny nygtady we bu ugurlar boýunça hyzmatdaşlykda Türkmenistanyň strategik ähmiýetini belledi. Bu barada Firas Al Oda duşenbe güni El-Kuweýt şäherinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti bilen geçirilen duşuşykda beýan etdi.

“KUNA” neşiriniň habar bermegine görä, Al Oda ykdysady hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny açmagyň hem-de Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy berkitmegiň zerurdygyny nygtady.

Kuweýtiň Söwda-senagat edarasynda türkmen ykdysady wekiliýetiniň hormatyna guralan kabul edişlikde Al Oda çykyş edip, ol bu duşuşygyň iki ýurduň kompaniýalarynyň arasynda göni işewür gatnaşyklaryny ýola goýmak, bilelikdäki taslamalary höweslendirmek hem-de uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy döretmek üçin amaly meýdança bolup hyzmat edýändigini aýtdy.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdow öz gezeginde Kuweýt Söwda-senagat edarasy bilen hyzmatdaşlyk boýunça teswirnama gol çekmäge hem-de degişli düzümler bilen gatnaşyklary ösdürmäge ýurduň gyzyklanma bildirýändigini mälim etdi. Şeýle-de ol Aýlag ýurtlarynyň bazarlaryna çykmakda Kuweýtiň strategik taýdan ähmiýetlidigini nygtady.

Duşuşygyň çäklerinde türkmen harytlaryna, syýahatçylyk desgalaryna, senagat kärhanalaryna hem-de ýurduň tehnologik kompaniýalaryna bagyşlanan multimediýa tanyşdyrylyşy geçirildi.