Aşgabatda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlanan maslahat geçirildi

21.02.2026

Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli «Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary» atly halkara maslahat geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Maslahatyň çäklerinde institutyň foýesinde hünär baýramyna bagyşlanan hem-de Türkmenistanda yglan edilen 2026-njy ýylyň şygary bilen sazlaşykly sergi guraldy. Çärä Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň ýolbaşçylary, işgärleri we weteranlary, ýurtda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyplary, şeýle hem jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Aşgabatda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlanan maslahat geçirildi

Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow, BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa boýunça öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitro Şlapaçenko, Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Arsen Awagýan, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Stiwen Konlon hem-de Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Erik Liwni çykyş etdiler.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow öz çykyşynda hemişelik bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyň halkara hyzmatdaşlygynyň durnukly we adalatly ulgamyny kemala getirmäge gönükdirilendigini belledi. Şeýle hem Türkmenistanyň energetika we ulag arabaglanyşygy, ekologiýa diplomatiýasy hem-de halkara hukugyny pugtalandyrmak ugurlarynda, Birleşen Milletler Guramasynyň merkezi ornuny goldamak arkaly işjeň çykyş edýändigi nygtaldy.

Aşgabatda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlanan maslahat geçirildi

Maslahata gatnaşyjylar globallaşma şertlerinde türkmen diplomatiýasynyň barha artýan ornuny, onuň parahatçylygy, ynanyşmagy we özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşýan goşandyny bellediler. Döwlet Baştutanynyň goldawy netijesinde diplomatik gullugyň maddy-tehniki binýadynyň yzygiderli kämilleşdirilýändigi, onuň infrastrukturasynyň döwrebaplaşdyrylýandygy hem-de işgärler kuwwatynyň berkidilýändigi nygtaldy.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Ýüzlenme kabul edildi.

Şanly sene mynasybetli Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýandyklary üçin diplomatik gullugyň ýaş işgärlerine hem-de Halkara gatnaşyklary institutynyň gutardyş ýylynyň tapawutlanan talyplaryna dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Diplomlary gowşuryldy.