Dokma kärhanalaryň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylar

21.02.2026

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda wise-premýer N.Atagulyýew Dokma senagaty ministrliginiň garamagyndaky kärhanalaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu kärhanalaryň has-da netijeliligini üpjün etmek, olaryň önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmak, işgärleriň zähmet çekmegi we ýaşaýyş durmuş üçin oňaýly şertleri döretmek babatda degişli işler geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurtda ýokary hilli dokma önümlerini öndürýän kärhanalaryň öndürijilikli işlemegi üçin ähli şertleriň döredilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutany Dokma senagaty ministrliginiň edara-kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny berkitmek bilen bagly taýýarlanylan teklipleri makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.