Türkmenistan bilen ESKATO ulag we energetika ulgamlarynda hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

23.02.2026

Türkmenistan Aziýa we Ýuwaş umman boýunça ykdysady we durmuş komissiýasy (ESKATO) bilen ulag hem-de energetika ulgamlarynda hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdy.

Bu meselä Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen ESKATO-nyň ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary Şombi Şarpyň arasynda geçirilen duşuşygyň dowamynda garaldy. Bu barada Şombi Şarp ýekşenbe güni özüniň sosial ulgamlarynda habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda durnukly ösüşiň ugurlary hem-de BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek bilen bagly meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mundan ozal Şombi Şarp Türkmenistan bilen ESKATO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň söwda, özara baglanyşyk, energiýa geçişi we sanly ösüş ýaly esasy ugurlar boýunça maksatly amala aşyryş tapgyryna geçýändigini habar beripdi.