Aşgabatda türkmen-hytaý işewürlik forumy we sergisi geçiriler

23.02.2026

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde ýerleşýän ýurduň Söwda-senagat edarasynyň meýdançasynda 2026-njy ýylyň 28–30-njy apreli aralygynda türkmen-hytaý işewürlik forumy we sergisi geçiriler.

Forumy guramaçylaryň habar bermegine görä, çäre Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir.

Forum iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň, degişli edaralaryň hem-de işewürler toparlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçiriler. Çäräniň guramaçylary hökmünde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy, “Oguz Forum & Expo” kompaniýasy we Hytaýyň Daşary ýurtlarda kärhanalary ösdürmek boýunça assosiasiýasy çykyş edýär. “Nielsonsmith” kompaniýasy bolsa bu çäräniň resmi hyzmatdaşy bolup durýar.

Şu ýylky türkmen-hytaý işewürlik forumynyň we sergisiniň maksatnamasy sergi ekspozisiýasyny, mowzuklaýyn mejlisleri hem-de B2B (işewürleriň arasynda) we B2G (işewür bilen hökümetiň arasynda) görnüşindäki işewürlik gepleşiklerini öz içine alýar. Çärä 300-den gowrak türkmen kompaniýalarynyň we döwlet düzümleriniň, şeýle hem hytaýly hyzmatdaşlaryň wekiliýetiniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Habarda bellenilişi ýaly, bu çäre iki döwletiň özara bähbitli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga gönükdirilen umumy strategiki ugruny şöhlelendirýär hem-de türkmen-hytaý dialogynyň ösüşiniň täze, kämil tapgyryna gadam basýandygyny tassyklaýar.