24.02.2026
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde duşenbe güni Ýewropanyň maýa goýum bankynyň Aziýa, Merkezi Aziýa we Ýuwaş umman sebiti boýunça departamentiniň başlygy Edwardas Bumsteinasyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Ýewropanyň maýa goýum bankynyň wekiliýetiniň Aşgabada iki günlük saparynyň maksady Türkmenistan bilen Ýewropanyň maýa goýum bankynyň arasynda Çarçuwaly ylalaşygyň taslamasy boýunça jemleýji gepleşikleri geçirmekden ybaratdyr.
Duşuşykda Türkmenistanda amala aşyrylýan ykdysady ösüş strategiýasynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge, hususan-da, abraýly maliýe guramalary, bank-karz düzümleri bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmäge möhüm ähmiýet berilýändigi bellenildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Söhbetdeşler geçen ýylyň aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistana amala aşyran iş saparynyň dowamynda Samarkant şäherinde geçirilen “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” birinji sammitiniň çäklerinde Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy bilen bolan duşuşygyna üns çekdiler. Şeýle hem taraplar bu ugurda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ilerletmäge gyzyklanma bildirýändiklerini beýan etdiler.
Duşuşykda energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerine üns çekilip, Türkmenistanda bu ulgamy diwersifikasiýalaşdyrmak bilen bir hatarda, arassa, daşky gurşawa zyýansyz “ýaşyl” energetika boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygy bellenip geçildi.
Türkmenistan oba hojalyk pudagyny ösdürmäge, hususan-da, suw serişdelerini tygşytly we rejeli peýdalanmaga aýratyn ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, Ýewropanyň maýa goýum bankynyň suwaryş desgalarynyň gurluşygy, ýokary tehnologik enjamlary ornaşdyrmak boýunça degişli edaralar bilen hyzmatdaşlygy goldaýandygy beýan edildi.
Duşuşygyň ahyrynda beýan edilen ugurlar boýunça Türkmenistan bilen Ýewropanyň maýa goýum bankynyň arasynda geljekde netijeli hyzmatdaşlygyň alnyp baryljakdygyna ynam bildirildi.