28.03.2024
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Omuraliýewi kabul etdi.
Myhman döwlet Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi hem-de Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli çärelere gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şunda Türkmenistanyň dünýä syýasatynyň we diplomatiýasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan ynsanperwer ulgamda döwletara gatnaşyklary ösdürmäge saldamly goşandy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Türki Döwletleriň Guramasynyň onda synçy döwlet derejesine eýe bolan ýurdumyz bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýändigi nygtaldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, guramanyň ýolbaşçysyny gadymy we myhmansöýer türkmen topragynda mübäreklemäge şatdygyny belledi. Myhman düýn Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen çärelere gatnaşdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz şeýle çäreleriň diňe bir türkmen halkynyň milli däplerini wagyz etmäge ýardam etmek bilen çäklenmän, eýsem, umumy taryhy kökler bilen baglanyşan türki halklaryň arasynda medeni gatnaşyklary giňeltmekde hem möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi.
Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz we myhman asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan medeni-ruhy däpleriň türki dilli ýurtlaryň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin binýat bolup hyzmat edýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Türki döwletler bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynda möhüm orun eýeleýär diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň Türki Döwletleriň Guramasyna synçy ýurt hökmünde goşulan döwründen bäri bu düzümiň çäklerindäki dialogyň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyna üns çekildi.
Şu ýylyň 11-12-nji martynda Aşgabatda üstünlikli geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisi munuň aýdyň mysalydyr. Onda guramanyň çäklerinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek işinde ýolgörkeziji bolup hyzmat etjek ylalaşyklar gazanyldy we teklipler beýan edildi. Şeýle hem Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Türki söwda-senagat edarasynyň düzümine kabul edilmegi geljekde Türki Döwletleriň Guramasyna agza döwletleriň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda bu binýady netijeli peýdalanmaga mümkinçilik berer.
Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz we myhman Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) bilen däp bolan gatnaşyklaryň okgunly häsiýetini kanagatlanma bilen bellediler. Şol gatnaşyklar türki halklaryň baý medeni mirasyny aýawly saklamaga, öwrenmäge we tutuş dünýäde wagyz etmäge gönükdirilendir. Bu medeni miras umumadamzat medeniýetiniň genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar.
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň ýurdumyzda baýram edilmegi ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy ugurlarynyň biri boldy. Beýik şahyryň eserleri tutuş türki dünýäniň gymmatlygy bolup durýar. Bellenilişi ýaly, şunuň bilen baglylykda, görnükli türkmen şahyrynyň edebi mirasyny öwrenmäge we dünýä ýaýmaga gönükdirilen köp sanly çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Türkmenistan Türki Döwletleriň Guramasynyň bu çärelere işjeň gatnaşmagyny goldaýar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy we bilelikdäki hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmak boýunça oňyn tekliplere garamaga taýýardygyny tassyklady.
TDG-niň giňişliginde özara gatnaşyklaryň geljegi barada pikir alyşmalaryň çäklerinde dürli ugurlarda, ilkinji nobatda, bilim, ylym, medeniýet ulgamlarynda maksatnamalaryň we taslamalaryň gerimini giňeltmegiň hyzmatdaşlygy üstünlikli ilerletmäge, ony anyk many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga ýardam etjekdigi bellenildi.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Baş sekretar Kubanyçbek Omuraliýew Türkmenistan bilen Türki Döwletleriň Guramasynyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň umumy abadançylygyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we ýurtlaryň hem-de halklaryň arasynda özara ynanyşmak ýagdaýyndaky gatnaşyklaryň, dost-doganlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.