04.03.2026
Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalygyna hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň 29-njy martda geçiriljek saýlawlaryna işjeň taýýarlyk görülýär. Bu jemgyýetçilik-syýasy çäräniň açyklyk we giň bäsdeşlik esasynda geçirilmegi türkmen jemgyýetiniň durmuşynda gadymdan gelýän demokratik ýörelgeleriň has-da berkidilýändiginiň nobatdaky aýdyň beýanyna öwrüler diýlip, «Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.
Türkmenistanda hereket edýän saýlaw kanunçylygynyň kadalaryna laýyklykda, ýurduň ähli künjeklerinde saýlawlaryň öň ýanyndaky möwsüm dowam edýär. Onuň dowamynda milli parlamentiň deputatlygyna, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň agzalygyna dalaşgärler, olaryň ynanylan wekilleri saýlawçylar bilen duşuşyk ýygnaklaryny geçirýärler. Saýlawçylar dalaşgärleriň terjimehallary, hünär we guramaçylyk ukyplary, saýlawlardaky maksatnamalarynyň esasy ugurlary bilen tanyşýarlar.
Ýurdy mundan beýläk-de ösdürmek baradaky maksatnamalaryň wezipelerini anyk beýan edip, dalaşgärler saýlawçylaryň köp sanly sowallaryna jogap berýärler. Milli parlamentde we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynda öz okruglaryna wekilçilik etmek üçin halkyň arasynda uly hormata, ynama eýe bolan mynasyp adamlaryň dalaşgär hökmünde hödürlenilendigini bellemek gerek.
Habarda bellenilişi ýaly, ähli dalaşgärlere milli saýlaw kanunçylygyna, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, saýlawçylar bilen duşuşyklary guramak üçin deň şertler we mümkinçilikler döredilýär. Saýlawlara taýýarlyk işleri köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan edilýär, şol sanda saýlawçylaryň hukuklary, saýlawlara taýýarlyk işleri barada ýörite gepleşikler ýaýlyma berilýär. Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň ýörite saýtynda saýlawlar bilen bagly täze maglumatlar ýerleşdirilýär.