Multidomain we Wildcard SSL

19.11.2021

2021-nji ýylyň noýabr aýynyň 4-den ähli isleg bildirýänler onlaýn ýüztutma ugradyp DV Multidomain we Wildcard SSL sertifikatlaryny alyp bilerler.

Multidomain

Multidomain SSL, ulanyjynyň 3 esasy domeniniň goragyny üpjün edýän SSL sertifikatynyň özboluşly görnüşidir.

Multidomain SSL sertifikatlarynyň köpüsinde aşakdaky aýratynlyklar bar:
- 2048-bit şifrleme SSL sertifikatlary
- Bir sertifikat domen.com we domen.com.tm ikisini hem gorap biler
- Esasy brauzerler, ykjam platformalar, beýleki enjamlar we ş.m. bilen giňişleýin işleýär.
- Çäklendirilmedik serwer ygtyýarnamasy

Wildcard

Wildcard sertifikaty, bir domene we subdomenlere ulanylyp bilinjekdir. Bir wagtyň özünde köp mukdarly subdomenleriň goragyny üpjün etmäge artykmaçlygy bardyr, we şeýlelik bilen subdomenleriň köpelmegi bilen has tygşytly we amatlydyr.

Berlen mysalda, Wildcard sertifikaty işleýär:
pay.turkmendomain.com.tm
blog.turkmendomain.com.tm
catalog.turkmendomain.com.tm

Şeýle-de bolsa, aşakylarda Wildcard sertifikaty işlemeýär:
www.pay.turkmendomain.com.tm
www1.blog.turkmendomain.com.tm
bu.domen.ady.has.uzak.turkmendomain.com.tm