Türkmenistan we Halkara Zähmet Guramasy bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegi maslahatlaşdylar

26.03.2026

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň wekiliýeti we Halkara Zähmet Guramasynyň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri Ženewada geçirilen duşuşyklarda ýurtda bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada sişenbe güni BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekilhanasy habar berdi.

Duşuşyklaryň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny hem-de ony giňeltmegiň mümkinçiliklerini, şol sanda Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin býuro bilen hyzmatdaşlygyna garadylar.

Saparyň maksatnamasyna laýyklykda, türkmen wekiliýeti Halkara Zähmet Guramasynyň işi, onuň gurluşy we iş alyp barmagynyň mehanizmleri, şeýle-de baş edaranyň degişli bölümleriniň işi bilen tanyşdylar.

Halkara Zähmet Guramasy — BMG-niň ýöriteleşdirilen edarasy bolup, zähmet gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek meseleleri bilen meşgullanýan halkara guramadyr.