02.04.2026
Türkmenistan Gündogar–Günbatar we Demirgazyk–Günorta ugurlary boýunça halkara ulag geçelgeleriniň ösdürilmegine ähmiýet berýär. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew penşenbe güni Baku şäherinde geçirilen Türki döwletleriň guramasyna (TDG) agza ýurtlaryň hökümet baştutanlarynyň wise-prezidentleriniň ikinji mejlisinde aýtdy.
Wise-premýeriň aýtmagyna görä, Türkmenistan ulag arabaglanyşygyna ykdysady ösüşiň esasy görkezijisi hökmünde garap, Beýik Ýüpek ýoluny döwrebap formatda dikeltmek boýunça başlangyçlary yzygiderli öňe sürýär.
Nökerguly Atagulyýew sebitara söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmekde Transhazar halkara ulag geçelgesiniň, şeýle hem Hazar deňzini, Kawkazy, Merkezi Aziýany we Ýakyn Gündogary birleşdirýän ugurlaryň möhüm orun eýeleýändigini nygtady.
Wise-premýer bu ugurlaryň ösdürilmeginiň söwda dolanyşygynyň möçberini artdyrmaga we ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşmaça mümkinçilikleri döredýändigini aýtdy.
Türki döwletleriň guramasyna (TDG) agza ýurtlaryň hökümet baştutanlarynyň wise-prezidentleriniň ikinji mejlisiniň jemleri boýunça bilelikdäki Beýannama kabul edildi. Çärä Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň we Demirgazyk Kipriň hökümet baştutanlary, Türkiýäniň wise-prezidenti, Türkmenistanyň wise-premýeri hem-de TDG-nyň Baş sekretary gatnaşdy.