07.04.2026
“Türkmengaz” döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň hem-de Ýaponiýanyň “Mitsui & Co., Ltd” kompaniýasynyň wekilleri 2026-njy ýylyň 3-nji aprelinde geçirilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşykda nebit-gaz pudagynda mümkin bolan hyzmatdaşlygy ýola goýmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasynyň sişenbe güni habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda “Mitsui & Co., Ltd” ýapon kompaniýasy türkmen tarapyny nebit-gaz pudagynda alyp barýan işleri we mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy.
Duşuşykda taraplar kompaniýanyň teklipleri, mümkinçilikleri we bu ugurda hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy boýunça pikir alyşdylar.
Türkmenistanyň we ýapon kompaniýasynyň wekilleriniň arasynda geçirilen duşuşyk Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasy tarapyndan gurnaldy.