07.04.2026
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Hakan Fidanyň arasynda 2026-njy ýylyň 6-njy aprelinde telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini, şeýle hem özara gyzyklanma döredýän sebit we halkara gün tertibiniň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň halkara guramalaryň, iri halkara forumlaryň we duşuşyklaryň çäklerindäki özara hyzmatdaşlygyna aýratyn üns berildi.
Ozal Türkmenistan we Türkiýe işewürlik üçin täze mümkinçilikleriň döredilmegini we işewürlik hyzmatdaşlygynyň ýokarlandyrylmagyny ara alyp maslahatlaşypdylar.