20.04.2026
Türkmen işewürleriniň 2026-njy ýylyň 9-16 maýy aralygynda London şäherine sapary meýilleşdirilýär. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, türkmen işewürleriniň sapary Beýik Britaniýa Patyşalygynyň Günbatar Londonyň Söwda-senagat edarasynyň çakylygy esasynda amala aşyrylar.
Saparyň çäklerinde dokma, oba hojalyk, gurluşyk, bilim, syýahatçylyk ugurlary, şeýle hem maýa goýumlary çekmek boýunça işewürlik hyzmatdaşlygy ýola goýmak gözegine tutulýar.
Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 2024-nji ýylyň sentýabr aýyndan 2025-nji ýylyň sentýabr aýy aralygynda 102 million funt sterlinge barabar boldy.