Türkmenistanda «Ýüpek ýoly» halkara awtorallisi geçirilip bilner

01.04.2024

Türkmenistanda ralli-reýd boýunça dünýäniň iň iri ýaryşy bolan «Ýüpek ýoly» halkara awtorallisi geçirilip bilner.

Bu mesele Aşgabatda taslamanyň wekiliýeti bilen geçirilen duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy Allaberdi Saparow taslamany ösdürmegiň direktory Sergeý Tukmanow we taslamanyň ýolbaşçysynyň birinji orunbasary Wiktor Sokolow bilen ýurtda halkara ralli ýaryşyny guramak bilen baglanyşykly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdy. Hususan-da, ýaryşyň geçjek ugruny işläp düzmek, gatnaşyjylaryň howpsuzlygyny, lukmançylyk kömegini üpjün etmek we ýaryşlaryň geçirilýän wagtynda aragatnaşygy guramak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýaryşy şu ýylyň 9 – 15-nji sentýabry aralygynda guralmagy meýilleşdirilýär.

«Ýüpek ýoly» halkara awtorallisi taslamasynyň taryhy 2009-njy ýyldan başlaýar. Ol diňe bir Russiýanyň sebitlerini däl, eýsem, Ýewraziýa ýurtlaryny hem öz içine alýar. Ýaryş Russiýa, Türkmenistan, Hytaý, Gazagystan we Mongoliýa ýaly ýurtlaryň çäginden geçýär.

Taslamanyň esasy hyzmatdaşlary «Gazprom» AGPJ hem-de Hytaýyň awtoulag we motosiklet sporty federasiýasy çykyş edýär

Ozal Türkmenistanda «Amul-Hazar 2018» halkara awtorallisi üstünlikli geçirilipdi.