21.05.2026
Gyrgyzystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy Adylbek Kasymaliýew 21-22-nji maýda iş sapary bilen Türkmenistana geler diýip, ýurduň Hökümetiniň metbugat gullugy habar berdi.
«Saparyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygy Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşar» diýlip, habarda aýdylýar.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň ýolbaşçylary bilen gepleşikleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Onuň dowamynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar diýip, habarda bellenilýär.
GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi 22-nji maýda Aşgabatda geçiriler.
Mundan ozal Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu çäräni ýokary derejede guramaçylykly geçirmegi tabşyrypdy.