Türkmenistanyň welaýatlaryna bugdaý oragy üçin täze tehnikalar gelip gowuşdy

04.06.2026

Türkmenistanyň welaýatlaryna bugdaý oragy möwsüminiň öňüsyrasynda täze bugdaý orujy kombaýnlar, ýangyç daşaýjy we gulluk awtoulaglary gelip gowuşdy. Bu barada penşenbe güni çap edilen “Türkmenistan” gazetinde habar berildi.

Ahal welaýatyna 30 sany “CLAAS” bugdaý orujy kombaýny, şeýle hem ýangyç daşaýjy we gulluk awtoulaglary tabşyryldy. Balkan welaýatynyň “Obahyzmat” önümçilik birleşigi we Ýer serişdeleri müdirligi bolsa 6 sany “CLAAS” kombaýnyny, 3 sany ýangyç daşaýjyny, 2 sany ýük ulagyny hem-de 11 sany “Toyota Hilux” gulluk awtoulagyny kabul etdi.

Daşoguz welaýatyna 20 sany döwrebap kombaýn, 10 sany ýangyç guýujy awtoulag we 2 sany tehniki hyzmat ulagy gelip gowuşdy. Şeýle hem welaýatyň Ýer serişdeleri müdirligine 13 sany gulluk awtoulagy berildi.

Lebap welaýatynyň “Obahyzmat” önümçilik birleşigine 18 sany däne ýygnaýan kombaýn, 15 sany ýangyç daşaýjy we 2 sany ýük ulagy tabşyryldy. Welaýatyň Ýer serişdeleri müdirligi hem 15 sany täze ýeňil awtoulag bilen üpjün edildi.

Mary welaýatynyň “Maryobahyzmat” önümçilik birleşigine 26 sany “CLAAS TRION 520” kombaýny hem-de 19 sany “Sinotruk Homan” ýangyç daşaýjy awtoulag gelip gowuşdy. Şeýle-de Ýer serişdeleri müdirligine 15 sany “Toyota Hilux” awtoulagy, abatlaýyş zawodyna bolsa 2 sany “SITRAK-F” ýük ulagy berildi.

Täze tehnikalar bugdaý oragy möwsüminde hasyly gysga möhletde we ýitgisiz ýygnamaga, şeýle hem oba hojalygynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Источник: business.com.tm