08.06.2026
Türkmenistan Koreýa Respublikasynyň paýtagty Seul şäherinde 2026-njy ýylyň 4–7-nji iýuny aralygynda geçirilen “Seoul International Travel Fair” halkara syýahatçylyk sergisine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi habar berdi.
Serginiň çäklerinde türkmen syýahatçylyk kompaniýalary, şol sanda “Eşretli syýahat” we “Gadymy mirasa syýahat” kärhanalary ýurduň syýahatçylyk mümkinçilikleri bilen daşary ýurtly myhmanlary tanyşdyrdylar. Myhmanlara Türkmenistanda dynç alyş, medeni gezelençler we taryhy ýadygärliklere syýahat etmek ugurlary barada maglumat berildi.
Türkmenistanyň milli pawilýonynda mahabat we maglumat materiallary ýerleşdirilip, gatnaşyjylar we myhmanlar dürli syýahat ugurlary, hödürlenýän hyzmatlar hem-de syýahatçylyk teklipleri bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem ýurduň baý taryhy-medeni mirasy, özboluşly tebigy gözel ýerleri we pudagyň ösüşi bilen bagly taslamalar barada giňişleýin maglumat berildi.
Ýakynda Türkmenistanyň wekiliýeti Hytaýyň paýtagty Pekinde Syýahatçylyk şäherleriniň Bütindünýä Federasiýasy tarapyndan guralan “Fragrant Hills Tourism Summit 2026” atly halkara syýahatçylyk sammitine hem gatnaşdy. Sammit onlarça ýurtdan döwlet edaralarynyň, syýahatçylyk guramalarynyň we bilermenler jemgyýetçiliginiň wekillerini bir ýere jemledi. Çäräniň dowamynda gatnaşyjylar dünýä syýahatçylyk pudagynyň ösüşindäki häzirki zaman ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Источник: business.com.tm