Türkmenistan bilen Mongoliýa ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine garadylar

10.06.2026

Türkmenistan bilen Mongoliýanyň wekilleri ulag we logistika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny, şol sanda demir ýol gatnawlaryny, raýat awiasiýasyny hem-de halkara ulag geçelgelerini ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Mongoliýanyň Ýol we ulag ministrligi sişenbe güni özüniň resmi “Facebook” sahypasynda habar berdi.

Degişli meseleler Mongoliýanyň Ýol we ulag ministri Borhuugiýn Delgersaýhan bilen Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministriniň orunbasary Hezretguly Çaryýewiň hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we logistika bölüminiň wekili Guwanç Akmämmedowyň arasynda geçirilen duşuşykda seredildi.

Taraplar demir ýol pudagynda özara hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyklaryny tassyklap, howa we awtomobil ulaglary boýunça gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerine hem garadylar. Şeýle-de duşuşykda Ýewraziýa sebitindäki ýurtlary baglanyşdyrýan täze ulag ugurlaryny ösdürmek meselesine aýratyn üns berildi.

Mongol tarapy Türkmenistan bilen “Orta geçelge” taslamasynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirip, bu ugurda halkara ulag ugurlaryny ösdürmegiň mümkinçiliklerine seretdi.

Mongoliýanyň Ýol we ulag ministriniň bellemegine görä, Merkezi Aziýa ýurtlary bilen ulag aragatnaşyklaryny pugtalandyrmak ýurduň ulag syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

источник: business.com.tm