12.06.2026
Türkmenistanyň Prezidenti, syýasy ylymlaryň doktory Serdar Berdimuhamedowa ykdysady we syýasy hünärleri boýunça professor alymlyk ady dakyldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.
Türkmenistanyň Ýokary attestasiýa komitetiniň prezidiumynyň çözgüdine görä, degişli karar alymlar geňeşleriniň güwänamalarynyň we Türkmenistanyň Ýokary attestasiýa komitetiniň Gumanitar hem-de Ykdysadyýet, hukuk we sosiologiýa ylymlary boýunça geňeşleriniň netijenamalarynyň esasynda kabul edildi.
Habarda bellenilişi ýaly, karar häzirki zaman ylmyna goşýan uly goşandy, milli we bütin adamzat bähbitli ylmy-önümçilik, innowasion-senagat, durmuş-ykdysady hem-de ylmy-tehniki özgertmeleri amala aşyrmak, parahatçylygy söýüjilikli içeri we daşary syýasaty alyp barmak hem-de halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek ugrunda bitiren işleri nazara alnyp kabul edildi.
Şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Umumy ýygnagynyň çözgüdine laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ykdysady we syýasy ylymlary boýunça akademikligine saýlanyldy.
Источник: business.com.tm