15.06.2026
Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Bankynyň (ÝTÖB) bilermenleri Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň 2026–2027-nji ýyllarda durnukly ösüşini dowam etdirjekdigini çaklaýarlar. Bu barada ÝTÖB-niň iýun aýynda neşir eden Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin ykdysady mümkinçilikleri baradaky hasabatynda aýdylýar.
Hasabata görä, 2026-njy ýylyň birinji çärýeginde Türkmenistanyň ykdysadyýeti geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 6,3 göterim ösdi. Bu ösüşe nebitgaz pudagynda gazanylan ýokary netijeler, şeýle hem senagat önümçiliginiň 2,4 göterim artmagy ýardam etdi. Gurluşyk pudagy döwlet tarapyndan goýulýan iri maýa goýumlaryň we uly infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmeginiň hasabyna ösüşini dowam etdirdi.
ÝTÖB-niň bilermenleriniň bellemegine görä, “Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň başlanmagy orta möhletli döwürde ýurduň ykdysady işjeňligine goşmaça itergi berer. Olaryň pikirine görä, maýa goýum işjeňliginiň ýokarlanmagy hem-de käniň özleşdirilişiniň giňeldilmegi ykdysady ösüşiň dowam etdirilmegine ýardam eder.
Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky 1991-nji ýylda 40 döwlet we iki sany halkara gurama tarapyndan döredildi. Häzirki wagtda bank 34 ýurtda iş alyp barýar. Türkmenistanda bolsa 1992-nji ýyldan bäri işleýär. Guramanyň baş maksady maliýe durnuklylygyna ýardam bermek, hususy telekeçiligi ösdürmek we işewür gatnaşyklary berkitmekdir.
Источник: business.com.tm