Türkmenistanyň wekiliýeti ÝUNESKO-nyň Baş Assambleýasynyň 11-nji mejlisine gatnaşdy

19.06.2026

Türkmenistanyň wekiliýeti 17–18-nji iýunda Pariž şäherindäki ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda geçirilen maddy däl medeni mirasy goramak baradaky Konwensiýasyna gatnaşyjy döwletleriň Baş Assambleýasynyň 11-nji mejlisine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçihanasy habar berdi.

Mejlise Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçisi we ÝUNESKO-nyň ýanyndaky Hemişelik wekili, ÝUNESKO boýunça Milli toparyň jogapkär sekretary, Daşary işler ministrliginiň wekili hem-de maddy däl medeni miras boýunça bilermenler gatnaşdy.

Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjy döwletler Konwensiýanyň ýerine ýetirilişi, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek we maddy däl medeni mirasy goramagyň dünýä ulgamyny pugtalandyrmak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem taraplar 2024–2025-nji ýyllar boýunça taýýarlanan hasabatlar bilen tanyşyp, maddy däl medeni mirasy goramak, resminamalaşdyrmak we giňden tanatmak ugurlarynda halkara hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmagyň möhümdigini bellediler.

Источник: business.com.tm