Bakuwda geçirilen türkmen-azerbaýjan gepleşikleriniň jemleri boýunça birnäçe resminama gol çekildi

22.06.2026

Bakuwda Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekildi. Gol çekilen resminamalar türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň dürli ugurlaryny öz içine alýar. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Bellenilişi ýaly, «Zagulba» köşgüniň «VIP» ýygnanyşyk otagynda resmi wekiliýetiň agzalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler. Soňra iki tarapyň degişli düzümleriniň arasynda resminamalar alşyldy. Oňa laýyklykda, gol çekilen resminamalar şulardan ybarat:

Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky özara söwda-da harytlaryň geçirilmegi babatda maglumat alyşmagyň Tehniki şertleri;

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet gümrük komitetiniň arasynda özara söwdanyň gümrük statistikasy çygrynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Teswirnama;

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Ýaşlar we sport ministrliginiň arasynda sport babatynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuşy taýdan goramak ministrligi bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Zähmet we ilaty durmuşy taýdan goramak ministrliginiň arasynda Zähmet we ilaty durmuşy taýdan goramak babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Saglygy goraýyş ministrliginiň arasynda saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda iýmit howpsuzlygy babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk;

Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda senagat babatda hyzmatdaşlyk etmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasy;

Türkmenistanyň Hökümetiniň we Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda energetika babatynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygy;

Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Oba hojalyk ministrliginiň arasynda oba hojalyk babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Merkezi bankynyň arasynda hyzmatdaşlyk babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň we çuňlaşdyrmagyň esasy ugurlary hakynda Ylalaşygy;

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2026 — 2029-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmek hakynda Maksatnamasy.

Ýeri gelende ýatlatsak, mundan ozal Azerbaýjanyň Türkmenistana «Dostluk» atly nebit tankerini sowgat berendigini habar beripdik.