Türkmen ilçisi ABŞ-nyň senatory bilen duşuşdy

24.06.2026

Türkmenistanyň ABŞ-daky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Esen Aýdogdyýew sişenbe güni Waşington şäherinde ABŞ-nyň Senatory Stiw Deýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Amerikadaky ilçihanasy güni habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, syýasy, ykdysady, söwda we energetika ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly meselelere garaldy.

Taraplar ýakyn wagtda meýilleşdirilýän duşuşyklar we çäreler boýunça hem pikir alyşdylar. Şeýle-de olar iki ýurduň arasyndaky yzygiderli dialogy dowam etdirmegiň hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhümdigini bellediler.

Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 19-njy fewralynda ýola goýuldy. Şondan bäri iki ýurt syýasy, ykdysady we ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürip gelýär.

Источник: business.com.tm