25.06.2026
Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi Döwletmyrat Seýitmämmedow Gruziýanyň Maliýe ministri Laşa Hutsişwili bilen duşuşyp, bank we maýa goýum ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy çarşenbe güni habar berdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar maliýe-ykdysady ulgamyň ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we olary mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri boýunça pikir alyşdylar.
Taraplar maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmek, bank ulgamyny ösdürmek, salgyt ulgamyny kämilleşdirmek, şeýle hem maliýe mehanizmleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak we durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmek meselelerine aýratyn üns berdiler.
Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar iki ýurduň maliýe edaralarynyň arasynda ynamy berkitmjegiň möhümdigini belläp, ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürmek maksady bilen yzygiderli gatnaşyklary saklamaga we tagallalary utgaşdyrmaga taýýardyklaryny tassykladylar.
Источник: business.com.tm