02.07.2026
Keniýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Jonah Maina Mwangi Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa ynanç hatyny gowşurdy. Dabara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça geçirildi. Bu barada penşenbe güni Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Mejlisiň Başlygy döwlet Baştutanynyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, döwletara gatnaşyklary mundan beýläk hem pugtalandyrmak ugrunda alyp barjak işinde üstünlik arzuw etdi. Ilçi mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Keniýa Respublikasynyň ýolbaşçylarynyň Prezident Serdar Berdimuhamedowa iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Duşuşygyň dowamynda türkmen-keniýa hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň meselelerine garaldy. Ilçi Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty hem-de ählumumy abadançylygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen halkara başlangyçlary bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem Türkmenistanyň Afrika sebitiniň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigi bellenildi.
Taraplar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki abraýly halkara guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.
Duşuşygyň ahyrynda Jonah Maina Mwangi Türkmenistanda Keniýa Respublikasyna wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny nygtap, iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk hem pugtalandyrmak üçin ähli tagallalary etjekdigini aýtdy.
Источник: business.com.tm