Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň Daşary işler ministrini kabul etdi

02.07.2026

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Gazagystanyň Daşary işler ministri Ýermek Koşerbaýewi kabul etdi. Duşuşykda taraplar türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we ony mundan beýläk hem ösdürmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada "Watan" habarlar gepleşigi çarşenbe güni habar berdi.

Ýermek Koşerbaýew bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, Gazagystanyň Türkmenistan bilen däp bolan hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna uly ähmiýet berýändigini belledi. Şeýle hem ol Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Gazagystanyň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Döwlet Baştutany saparyň çäklerinde geçiriljek türkmen-gazak syýasy geňeşmeleriniň iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk hem pugtalandyrmaga goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynyň, "Merkezi Aziýa+" görnüşindäki hyzmatdaşlyk formatlarynyň hem-de hökümetara türkmen-gazak toparynyň işiniň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryny ösdürmekdäki ähmiýetini bellediler. Şeýle hem ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek boýunça Astana şäherinde geçirilen hökümetara gazak-türkmen toparynyň alyp barýan işiniň netijeleri bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri Ýermek Koşerbaýew türkmen-gazak gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Источник: business.com.tm