03.07.2026
Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary boýunça döwlet gullugynyň başlygy Azat Şanazarow Türkiýäniň Ulag we infrastruktura ministri Abdulkadir Uraloglu bilen Türkiýäniň 5-nji Deňiz sammitiniň çäklerinde duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky deňiz gatnawlaryny ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşykda gämi gatnawlary, port infrastrukturasy hem-de Hazar sebitindäki ulag arabaglanyşygyny ösdürmek boýunça hyzmatdaşlygyň ugurlaryna hem garaldy. Bu barada Abdulkadir Uraloglu penşenbe güni özüniň X sosial sahypasynda habar berdi.
"Biz deňiz pudagyndaky ýakyn hyzmatdaşlygyň üsti bilen Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky berk dostluk gatnaşyklaryny mundan beýläk hem pugtalandyrarys" diýip Türkiýäniň Ulag we infrastruktura ministri belledi.
Türkiýäniň 5-nji Deňiz sammitinde döwlet edaralarynyň, işewür toparlarynyň hem-de pudaklaýyn guramalaryň wekilleri deňiz ulaglary, gämi gatnawlary, port infrastrukturasy we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini maslahatlaşmak üçin bir ýere jemlendi.
Источник: business.com.tm