07.07.2026
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyran saparynyň dowamynda EYR-nyň Teleradiogepleşikler baradaky guramasynyň (IRIB) žurnalisti Seýýed Mohsen Hoseýnä interwýu berdi. Söhbetdeşlikde türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň merhum ruhy Lideri Aýatolla Seýed Ali Hoseýni Hameneýi bilen köpýyllyk gatnaşyklary, türkmen-eýran hyzmatdaşlygy hem-de Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik syýasaty barada pikirlerini paýlaşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.
Žurnalistiň Eýranyň merhum ruhy Lideri bilen ilkinji duşuşygy we onuň bilen geçirilen gepleşikleriň ähmiýeti baradaky soragyna jogap berip, Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda dost-doganlyk gatnaşyklaryna uly hormat goýup gelendigini, Türkmenistanyň we Eýranyň bolsa birek-birege hormat goýýan doganlyk goňşy döwletlerdigini aýtdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Aýatolla Seýed Ali Hoseýni Hameneýi bilen ilkinji duşuşygynyň 1998-nji ýylda bolandygyny belläp, ähli döwlet wezipelerinde işlän döwründe ruhy Lider bilen birnäçe gezek duşuşmak miýesser edendigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, şol duşuşyklar syýasat, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine hyzmat edip, iki ýurduň bähbidine uly netijeleri berdi.
Ruhy Lider bilen bagly ýatda galan pursatlar barada aýdanlarynda, Gurbanguly Berdimuhamedow Aýatolla Seýed Ali Hoseýni Hameneýiniň her gezek: “Siz bize diňe bir goňşy däl, biz süňk garyndaşdyrys” diýip belleýändigini ýatlady. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň bellemegine görä, ähli duşuşyklar möhüm bolup, olarda esasan hem iki ýurduň däl, eýsem sebitiň we dünýäniň abadançylygy, parahatçylygy barada pikir alyşmalar geçirilýärdi. Ol Türkmenistanyň BMG tarapyndan üç gezek ykrar edilen ýeke-täk Bitarap döwletdigini belläp, ruhy Lider bilen parahatçylyk, durnukly ösüş boýunça hem köp gürrüňdeşlikleriň geçirilendigini aýtdy.
Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen we eýran halklarynda ýol çekmegiň, köpri gurmagyň adamlary ýakynlaşdyrýan düşünje hökmünde kabul edilýändigini belläp, Türkmenistan bilen Eýranyň bilelikde birnäçe awtomobil we demir ýollaryny, köprüleri gurandygyny aýtdy. Şeýle hem ol ruhy Lideriň: “Ýollaryň hikmeti halklaryň biri-biri bilen gatnaşyk saklamagynda jemlenendir” diýen sözlerini ýatlady.
Iki ýurduň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň netijeleri barada durup geçip, Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet Baştutany bolup işlän döwründe gaz we elektrik geçirijileriniň, demir hem-de awtomobil ýollarynyň gurlandygyny aýtdy. Şeýle hem bilelikdäki işleri amala aşyran ýyllarynda özara haryt dolanyşygynyň 5 milliard ABŞ dollaryndan hem geçendigini belledi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky serhediň uzynlygy 1 müň 500 kilometrden geçýändigini aýdyp, ruhy Lideriň bu serhedi hemişe “dost-doganlyk serhedi” diýip atlandyrandygyny ýatlady.
Türkmen-eýran halklaryny birleşdirýän taryhy we medeni gymmatlyklar barada aýdyp, Gurbanguly Berdimuhamedow ruhy Lider bilen söwda-ykdysady gatnaşyklar, medeni we taryhy köklerimiz barada köp pikir alşandyklaryny belledi. Şeýle hem ol taryhymyza ser salyp, geljekki ýaşlara edep-ekram bermek meselesiniň hem ara alnyp maslahatlaşylandygyny aýtdy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň bellemegine görä, Türkmenistan Eýranyň alymlary, şahyrlary we ýazyjylary bilen gatnaşyk saklaýar. Ol Türkmenistanda golýazmalar institutynyň bardygyny aýdyp, geçmiş mirasymyzy öwrenmegiň möhüm ähmiýete eýedigini nygtady. Şeýle hem häzirki wagtda Eýranyň Gülüstan welaýatynda 3 milliondan gowrak türkmeniň ýaşaýandygyny belläp, ruhy Lider bilen türkmen we eýran halklarynyň arasynda dost-doganlygy berkitmek barada köp pikir alşandyklaryny aýtdy.
Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran topragynda dünýä belli akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň guburynyň ýerleşýändigini hem aýratyn belledi. Onuň sözlerine görä, bu ýagdaý türkmen halkyna Eýrana zyýarat etmäge uly mümkinçilik döredýär. Şoňa görä hem iki halk bilelikde beýik şahyryň hatyrasyny saklaýar we onuň şygyrlaryna gadyr goýýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri dünýäde soňky döwürde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlar baradaky soraga jogap berip, “Kyýamat güni goňşudan” diýen pähime salgylanyp, kyn günlerde Türkmenistanyň serhetleriniň açyk saklanandygyny, ynsanperwerlik kömeginiň iberilendigini aýtdy. Gurbanguly Berdimuhamedowyň bellemegine görä, Türkmenistan “Açyk gapylar” syýasatyny alyp barýar hem-de deňagramlylyk, deňhukuklylyk, abadançylyk we parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine eýerýän, BMG tarapyndan üç gezek ykrar edilen Bitarap döwlet bolup durýar. Şeýle hem ol häzirki ýagdaýlar barada aýdyp: “Entäk urşuň utan ýeri ýok. Sebäbi atylan ok hiç zady saýgarmaýar, sen çagamy ýa-da esgermi, parhy ýok” diýip nygtady.
Источник: business.com.tm