Türkmenistan bilen Azerbaýjan Aşgabat–Baku göni howa gatnawlaryny ýola goýmagy maslahatlaşdy

10.07.2026

Türkmenistan bilen Azerbaýjan Aşgabat–Baku ugrunda hepdede iki gezek amala aşyryljak göni yzygiderli howa gatnawlaryny ýola goýmagyň mümkinçiliklerine garadylar. Bu mesele Aşgabat şäherinde geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň dokuzynjy mejlisinde maslahatlaşyldy. Bu barada THP habar berýär.

Taraplar howa gatnawyndan başga-da ulag, syýahatçylyk, söwda we maýa goýum ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine garadylar. Mejlise gatnaşyjylar iki ýurduň üstaşyr mümkinçiligini ösdürmäge hem-de Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky ulag arabaglanyşygyny pugtalandyrmaga aýratyn üns berdiler.

Mejlisiň dowamynda Türkmenbaşy halkara deňiz portunda Azerbaýjanyň gämileri üçin ýeňillikli nyrhlary dowam etdirmek we Hazar deňziniň düýbünden telekommunikasiýa kabelini çekmek taslamasynyň durmuşa geçirilişini çaltlandyrmak bilen baglanyşykly teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mundan başga-da, taraplar işewürlik we syýahatçylyk gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça pikir alyşdylar. Hususan-da, iki ýurduň işewür toparlarynyň özara saparlaryny guramak we Azerbaýjanyň şäherlerine tanyşdyryş saparlaryny geçirmek göz öňünde tutulýar.

Mejlisiň jemleri boýunça bilelikdäki resminamalaryň toplumyna gol çekildi. Şeýle hem Hökümetara toparyň nobatdaky mejlisini Azerbaýjan Respublikasynda geçiriljekdigi tassyklanyldy.

Источник: business.com.tm