10.07.2026
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni sapar bilen Aşgabada gelen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Senatynyň Energetika we tebigy serişdeler boýunça komitetiniň agzasy, Montana ştatyndan senatory Stiw Deýnsi kabul etdi hem-de onuň bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Duşuşykda Türkmenistan bilen ABŞ-nyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet Baştutany iki ýurduň özara hormata, ynanyşmaga we düşünişmäge esaslanýan gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilýändigini belledi.
Senator Stiw Deýns ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň iberen salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampa iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de ABŞ-nyň Garaşsyzlygynyň 250 ýyllygy mynasybetli amerikan halkyny gutlady. Şeýle hem döwlet Baştutany myhmanyň saparynyň türkmen-amerikan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.
Taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň biri bolup galýandygyny nygtadylar. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow amerikan kompaniýalary bilen toplanan hyzmatdaşlyk tejribesini hem-de «Türkmenistan — ABŞ» işewürlik geňeşiniň ykdysady gatnaşyklary ösdürmekdäki ornuny belledi. Şeýle-de Aşgabatda ýaňy-ýakynda geçirilen geňeşiň mejlisiniň özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga giň mümkinçilik döredendigi aýdyldy.
Duşuşykda ýangyç-energetika, ulag, maliýe-bank ulgamy, öňdebaryjy tehnologiýalar we emeli aň hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Döwlet Baştutany energiýa serişdelerini ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak strategiýasyny durmuşa geçirýändigini aýdyp, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisine ABŞ tarapyndan berilýän ünse we goldawa ýokary baha berdi. Türkmenistanyň Prezidenti bu taslamanyň sebitde ykdysady ösüşi we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
Taraplar bilim, ylym we medeniýet ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine hem garadylar. Türkmenistanyň Prezidenti türkmen ýaşlarynyň ABŞ-da bilim alýandygyny hem-de soňky ýyllarda iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň işjeňleşýändigini belledi.
Duşuşygyň ahyrynda döwlet Baştutany Türkmenistanyň ABŞ bilen uzak möhletleýin we köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassyklap, senator Stiw Deýnse işinde uly üstünlikleri, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk arzuw etdi.
Источник: business.com.tm