Türkmenistanda Sloweniýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady

04.04.2024

3-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Sloweniýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Darýa Bawdaž Kuretden ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanynyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça işinde üstünlikleri arzuw etdi. Ilçi hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, öz gezeginde, Sloweniýa Respublikasynyň ýolbaşçylarynyň Prezident Serdar Berdimuhamedowa iberen mähirli salamyny, Türkmenistanyň halkyna abadançylyk we rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Duşuşygyň dowamynda diplomat hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, milli parlamentiň düzümi hem-de kanun çykaryjylyk işi bilen tanyşdyryldy.

Ilçi Darýa Bawdaž Kuret Türkmenistanyň halkara giňişlikde abraýynyň barha ýokarlanýandygyny, durmuş-ykdysady, ynsanperwer ulgamda uly üstünlikleri gazanýandygyny belledi.

Söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän gatnaşyklar barada özara pikir alyşmalar boldy.

Duşuşygyň ahyrynda Sloweniýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Darýa Bawdaž Kuret deňhukuklylyk, özara ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak ugrunda tagalla etjekdigine ynandyrdy.