04.08.2026
2-nji awgustda Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň edara binasynda şu ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan maslahat geçirildi.
Hasabat döwründe ulag-aragatnaşyk toplumy boýunça ýerine ýetirilen umumy işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 114 göterime deň boldy. Awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulgamlary arkaly ýük daşamagyň görkezijisi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 103,6 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini bolsa 102,4 göterime barabar boldy. Pudaklar boýunça alanyňda bolsa, ýokary görkezijileri Awtomobil ulaglary ministrliginde (118,8%), «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynda (118,5%) we Aragatnaşyk ministrliginde (115,5%) hasaba alyndy. Şeýle hem Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüşi 107 göterime, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça bolsa 102,1 göterime ýetdi.