11.08.2026
Mary welaýatynyň Baýramaly şäherindäki Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky dokma toplumynda täzelikde işe girizilen geçi çöpürini we düýe ýüňüni gaýtadan işleýän bölüminde ýokary hilli ýüplükler öndürilip başlandy. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.
Dokma toplumyň täze önümçilik bölümiň esasy aýratynlygy bu ýerde çig mal hökmünde diňe ýerli önümler ulanylýar. Önümçilikde zerur bolan çig maly hususy maldarçylyk hojalyklaryndan satyn alynýar. Ýokary hilli ýüň ýüplügini öndürmek üçin önümçilikde Italiýa döwletiniň «Сormateks S.r.L.» kompaniýasynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň kuwwatly ýüň önümçiligindäki enjamlary ornaşdyrylan.
Ýyllyk kuwwaty geçi çöprüni we düýe ýüňüni gaýradan işläp, 130 tonna ýüň ýüplügi öndürmäge niýetlenen bölümde iş üç çalşykda alnyp barylýar.
Bu önümçilik üç bölümden ýüplük-egirme, süýüm boýama we barlaghana bölümlerinden ybaratdyr.
Ýeňil görnüşi we ýylylygy saklaýjylyk häsiýeti bilen tapawutlanýan, dürli reňkde boýalan ýüplükler esasan ýörite maksatly matalary dokamak üçin niýetlenen. Dokma toplumynyň bu önümçiliginde önüm galyndylaryny gaýtadan işlemek işlerem ýola goýulypdyr. Gaýtadan işlenýän ýüňlerden geljekde ýorgan, ýassyk we guşaklyk ýaly dokma önümlerini öndürmek göz öňünde tutulýar.
Habarda bellenilişi ýaly, toplumyň önümçilik bölüminde öndürilýän ýüň ýüplügi ýurduň dokma önümçiligindäki önümleriň ýene täze görnüşiniň hataryny artdyrdy. Şonuň bilen birlikde Türkmenistanyň dokma pudagynda täze eksport mümkinçiliklerini döretdi.