26.08.2026
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew şu ýylyň 7 – 9-njy oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek sammitlere gatnaşmak üçin Türkmenistana sapar bilen geler. Bu barada şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda beýan edildi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri şu ýylyň 7 – 9-njy oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda üç sany möhüm sammiti, hususan-da, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyny, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisini we Hazar ekologiýa sammitini geçirmek baradaky Türkmenistanyň tekliplerini goldandygyny hem-de bu forumlara gatnaşjakdygyny tassyklandygy üçin Gazagystanyň Prezidentine minnetdarlygyny beýan etdi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň Türkmenistana amala aşyrjak saparyna uly ähmiýet berilýändigini belledi.
Gazagystanyň döwlet Baştutany şu ýylyň oktýabr aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek üç sany möhüm sammitiň işine gatnaşjakdygyny ýene bir gezek tassyklap, XXI asyrda Merkezi Aziýany ösdürmek maksady bilen dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk hakynda şertnama Türkmenistanyň goşulandygy üçin Gahryman Arkadaga hoşallyk bildirdi.