27.08.2026
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe Gazagystanyň Gurultaý saýlawlarynyň üstünlikli geçirilmegi mynasybetli ýürekden gutlaglaryny iberdi.
«Siziň alyp barýan döwlet syýasatyňyz netijesinde häzirki wagtda Gazagystanyň doganlyk halkynyň uzakmöhletleýin abadançylygy üçin berk esas boljak düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Bu babatda giň halk goldawyna eýe bolan ilkinji Gurultaý saýlawlarynyň üstünlikli geçirilmegi döwlet häkimiýeti we dolandyryşy ulgamyny kämilleşdirilmegine gönükdirilen üýtgetmeleriň durmuşa geçirilmeginde möhüm ädim bolup durýar» diýip, döwlet Baştutany Gutlagynda belledi hem-de Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de dürli ugurlarda ösdüriljekdigine ynam bildirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.