03.09.2026
2-nji sentýabrda Türkmenistanda köpçülikleýin güýzlük bugdaý ekişine girişildi. Mälim bolşy ýaly, 28-nji awgustda geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bugdaý ekişine başlamagyň senesini belledi. Döwlet Baştutanymyzyň ak pata bermegi bilen, bu möhüm oba hojalyk möwsümi Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda birbada badalga aldy.
Halkymyzyň asylly däbine görä, hormatly ýaşulular Beýik Biribardan ak bugdaýyň bereketli we bol hasylyny dileg edip, ekişe badalga berdiler. Göwnejaý taýýarlanan topraga «Her bir dänäň müň bolsun!» diýen sözler bilen bugdaýyň ilkinji tohumlaryny sepip, ýaşulular we olaryň ýaş kömekçileri ekiş nobatyny mehanizatorlara berdiler.
Ekerançylarymyz geljek ýylyň bugdaý hasyly üçin niýetlenen ekin meýdanlaryny öz wagtynda sürüp we gurplandyryp, jogapkärli möwsüme aýratyn yhlas bilen taýýarlandylar. Ekişe bugdaýyň ýokary hilli tohumlary, möwsümde ulanyljak oba hojalyk tehnikalary öňünden taýýar edildi.
Güýzlük bugdaý ekişiniň başlanmagy mynasybetli ähli welaýatlarda tejribe maslahatlary geçirildi. Olarda ekiş möwsümini guramaçylykly geçirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, ak ekine ideg etmekde agrotehnikanyň döwrebap usullarynyň we öňdebaryjy tejribäniň ulanylmagy ekerançylara ekişi bellenilen möhletlerde, ýokary hilli geçirmäge ýardam eder.
Ýygnananlar oba zähmetkeşleri barada edýän yzygiderli aladasy, Watanymyzyň gülläp ösmegine we ýurdumyzda azyk bolçulygynyň has-da ygtybarly binýadynyň kemala getirilmegine uly goşant goşýan gallaçylaryň mynasyp ýaşamagy we zähmet çekmegi ugrunda döredilýän mümkinçilikler üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowа we türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.
Şeýle hem obasenagat toplumynyň kärhanalarynyň öndürýän önümleriniň hem-de pudakda ulanylýan degişli tehnikalaryň sergileri guraldy. Bu waka mynasybetli welaýatlaryň aýdym-saz, tans we folklor toparlary baý mazmunly konsert maksatnamasyny taýýarladylar.